Arhiw

Lebap welaýatynda täze ýangyç guýujy beketleriň ikisiniň düýbi tutuldy

00:0121.08.2019
0
5055
Lebap welaýatynda täze ýangyç guýujy beketleriň ikisiniň düýbi tutuldy

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Lebap welaýatyndaky abatlaýyş-gurluşyk edarasynyň gurluşykçylary awtoulaglara ýangyç guýýan beketleriň ýene ikisiniň düýbüni tutdular. Olaryň biri Türkmenabat-Gazojak ýolunyň ugrunda, Darganata etrabyndaky metjidiň golaýynda , beýlekisi bolsa, Çärjew etrabynyň J. Hekimow daýhan birleşiginde ýerleşer diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Hersi gije-gündiziň dowamynda awtoulaglaryň 500-sine hyzmat etmäge niýetlenen beketler elektronika arkaly dolandyrylyýan ýokary tehnologiýaly enjam bilen üpjün ediler, bu bolsa olara çalt we ýokary hilli hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Olaryň gurluşygynda döwrebap gurnamalr we ýanmaýan serişdeler ulanylar.

Şeýle hem AÝGB-leriň hersinde ulaglary ýuwar ýaly desga, dessin hyzmat we ownuk-uşak abatlaýyş işleri üçin hem-de ätiýaçlyk şaýlary satylýan binalar, garbanyşhana göz öňünde tutulan. Olaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylar, çyralary desgalaryň özboluşlylygyna görä oýlanşykly ýerleşdiriler. Ýurdumyzyň günorta sebitiniň Çärjew we Darganata etraplaryndaky döwrebap AÝGB-ler ýylyň ahyryna çenli ulanylmaga berler

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň