Soňky habarlar

Arhiw

Mekdep bazarlary müşderilere hyzmat edýär

16:2217.08.2019
0
1929

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mekdep bazarlarynyň döredilmegi hem bu taýýarlyk işleriniň möhüm bölegidir. Häzirki günlerde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde guralan mekdep bazarlary müşderilere hyzmat edýär.

Çagalar üçin ähli zerur okuw esbaplaryny, şol sanda ýazuw enjamlaryny, mekdep torbalaryny, lybaslaryny, möwsümleýin we sport aýakgaplaryny, beýleki zerur zatlary satyn almak mümkin bolan mekdep bazarlarynyň işini guramak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Mekdep bazarlary ilatly ýerlerde, bazarlaryň ýanynda guralmak bilen, olarda ilata ýokary hilli harytlar hödürlenýär. Ýurdumyzyň iň iri söwda toplumy bolan Aşgabadyň “Altyn asyr gündogar”,”Gülüstan”, “Teke” bazarlarynda we beýleki söwda nokatlarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde harytlaryň giň görnüşlerini satyn almak mümkin. Şonuň ýaly-da mekdep bazarlary ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde, hatda iri edara-kärhanalaryň ýanynda hem döredildi.

Mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň arasynda Türkmenistanda öndürilen haryt nyşanly önümleriň agdyklyk edýändigini bellemek gerek. Hususan-da Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň degişli edara-kärhanalarynda öndürilen kagyz önümleri, çap edilen kitapçalar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýatynda öndürilen kartalar uly islegden peýdalanýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalaryň önümi bolan okuw lybaslary özüniň ýokary hilliligi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Bu lybaslary “Ahal” tikin kärhanasy, oglanlar üçin ak köýnekleri Marynyň “Ýeňiş” tikin fabrigi, sport lybaslaryny bolsa Gökdepäniň dokma toplumy we beýleki kärhanalar öndürýär.

Däp bolşy ýaly, mekdep bazarlary awgust aýynyň tutuş dowamynda hem-de sentýabr aýynyň başynda hem işlemegini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň