Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy CAFA - 2019-yň ilkinji duşuşygynda owgan futbolçylary bilen deňme-deň oýnady

22:0709.08.2019
0
5591

Surat: CAFA.

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy CAFA - 2019-yň açylyş duşuşygynda Owganystanyň ýygyndysy bilen 2;2 hasabynda deňme-deň oýnady. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň pökgülerini Ruslan Priýew bilen Begençmyrat Myradow geçirdi.

Birinji tapgyryň beýleki duşuşygyna daşoguzly hünärmen Allabergen Saparow gözegçi emin bolup gatnaşdy. Duşuşykda Eýran Özbegistanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi.  

Bäş ýygyndynyň gatnaşmagynda bir aýlawdan ybarat boljak çempionatda türkmen futbolçylaryna Aziz Kambarow ýolbaşçylyk edýär.

Ikinji tapgyrda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy täjik futbolçylary bilen duşuşar. Duşuşyk 10-njy awgustda bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň