Soňky habarlar

Arhiw

Ýoldaşlyk duşuşygy: "Akhisar" - "Ahal" 0:1

16:4330.07.2019
0
4103

Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýän "Ahal" futbol topary Türkiýäniň "Akhisar" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk türkmen futbolçylarynyň peýdasyna 1:0 hasabynda jemlendi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, "Ahal" Türkiýedäki ýygnanyşygyň çäginde Rumyniýanyň we Azerbaýjanyň wekilleri bilen hem duşuşyklary geçiripdi. Bu ýygnanşyk arkaly Röwşen Meredowyň şägirtleri Ýokary liganyň ikinji ýarymyna we Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görýärler.

Çempionatyň birinji ýarymyny üçünji orunda tamamlan "Ahalyň"maksady çempionlyk ugrundaky göreşi dowam etdirip we Türkmenistanyň kubogynda üstünlikli çykyş edip, indiki ýyl hem AFK derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp bilmekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň