Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Horwatiýadaky Gran-pri ýaryşynda çykyşlaryny tamamladylar

23:4028.07.2019
0
10880

Foto: Euronews.

Şu gün Horwatiýanyň paýtagtynda dzýudo boýunça halkara Gran-pri ýaryşy tamamlandy. Ýaryş Olimpiada - 2020-ä reýting utugyny artdyrmaga ähmiýetlidir. Baýrak gaznasy 100 müň amerikan dollary bolan halkara ýaryşa 86 döwletden 552 türgen gatnaşdy. Olaryň 326-sy erkekler, 226-sy zenanlardyr.

Halkara Garn-pri ýaryşyna Türkmenistanyň milli ýygyndysy 7 türgen bilen wekilçilik etdi diýip, Halkara Dzýudo federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. Biziň türgenlerimiz ýaryşy başlangyç tapgyrlarda tamamladylar.

Türkmen türgenleriniň arasynda iň gowy netijäni Hakberdi Jumaýew görkezdi. 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz ilkinji tutluşygynda fransiýaly Luka Mheidzeni ýeňip, nobatdaky tapgyrda özbegistanly Şarofiddin Lutfullaýewden ýeňildi. Başga bir ildeşimiz Ylýas Möminow bolsa 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, argentinaly garşydaşyny ýeňdi, ukrainaly Georgiý Zantariýadan bolsa asgyn geldi. Muhammet Kössekow ilkinji tutluşygynda zambiýaly türgenden ýeňildi. Ildeşlerimizden Möminjan Arazkulow hem ýaryşy birinji tapgyrda tamamlady.

Zenanlar ýygyndymyzdan 48 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Aziza nazarowa ilkinji tapgyrda italiýaly Françeske Giordeden asgyn geldi. Ruşana Nurjowowa (57 kg) bolsa dünýäniň we Aziýanyň çempiony Baku Momodan (Ýaponiýa) ýeňildi. Gülbadam Babamyradowa hem belgiýaly Şarlin wan Snikden asgyn geldi.

Halkara ýaryşda Ýaponiýanyň ýygyndysy toparlaýyn birinji orna mynasyp boldy. Ikinji, üçünji orunlary bolsa Kanadanyň we Gruziýanyň türgenleri paýlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň