Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U16) Merkezi-Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynyň birinji tapgyrynda eýranly deň-duşlaryndan 3:1 hasabynda ýeňildiler.
CAFA-nyň çempionatynyň birinji tapgyrynyň beýleki duşuşyklaryda Täjigistanyň ýygyndysy özbegistanly deň-duşlary bilen deňme-deň oýnadylar – 1:1 Owganystanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda hem ýeňiji kesgitlenilmedi (2:2).
Ýetginjekler ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän CAFA-nyň çempionatynda baş baýrak ugrunda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Eýranyň hem-de Owganystanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň gatnaşýandyklaryny ýatladýarys.
Ikinji tapgyryň duşuşyklary şenbe güni, 27-nji iýulda oýnalar. Şol gün ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysy Owganystanyň ýygyndy topary bilen duşuşar. (duşuşygyň başlanýan wagty 18:00) Bu duşuşyk Gissar şäheriniň merkezi stadionynda geçiriler.
Ýetginjekler ýygyndylaryň (U16) gatnaşmagyndaky CAFA-nyň çempionatynyň geçiş tertibi:
1-nji tapgyryň netijeleri:
Özbegistan – Täjigistan – 1:1
TÜRKMENISTAN – Eýran – 1:3
Owganystan – Gyrgyz Respublikasy – 2:2
2-nji tapgyr
27-nji iýul (şenbe)
18:00 – Täjigistan – Gyrgyz Respublikasy. Duşenbe, Merkezi stadion
18:00 – Owganystan – TÜRKMENISTAN. Gissar, Merkezi stadion
20:30 – Özbegistan – Eýran. Duşenbe, Merkezi stadion