Görogludaky hususy kärhanada her gün 2 müň tonnadan gowrak çörek öndürilýär

12:4623.07.2019
0
2042

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda telekeçi Öremuhammet Annagylyjow çörek we çörek önümlerini öndürýän hususy kärhana açyp, 2012-nji ýyldan bäri halkymyzy bu azyk önümleri bilen üpjün edip gelýär. Önümhanada “Ýyldyrym” haryt nyşanly çörek we çörek önümleriniň her günde 2 tonnadan gowragy öndürilýär. Bu barada "Biznes Türkmenistan" neşiri habar berýär.

Telekeçiniň önümhanasynda işçileriň 20-den gowragy iki çalşykda zähmet çekip, olaryň tagallasy bilen jemi 28 görnüşli önüm öndürilýär. Şolaryň 10 görnüşi çörek we çörek önümleri, 18 görnüşi bolsa konditer önümleridir. Çörekleriň ýagly, ýagsyz, petir, süýtli görnüşleri, şeýle hem, bulka, baton we buhanka çörekler her gün gyzgynlygy bilen ilata hödürlenilýär. Bu ýerde toý sadakalary üçin dogramanyň taýýar görnüşini hem satyn alyp bolýar.

“Damja”, “Altyn zaman”, “Garagum”, “Gözel”, “Halkajyk” we başga-da onlarça döwrebap atlar bilen atlandyrylan, bally, künjüli konditer önümleriniň hem müşderileri ýeterlik. Telekeçi Ö.Annagylyjow ak bugdaýyň unundan öndürilýän eksport ugurly önümleri diňe bir içerki bazarda däl-de, daşarky bazarda hem ýerlemegi maksat edinýär. “Ýyldyrym” haryt nyşanly dürli konditer önümleriniň ýakyn günlerde goňşy Owganystan döwletine eksport edilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň