Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä sporty: “West Hamyň” transfer reko­rdy

18:1920.07.2019
0
1347

Iňlis kluby “West Ham Ýunaýted” nemes kluby “Aýntraht Frankfurtyň” fransuz hüjümçisi Sebastian Haller transfer etdi. Londonlylar 25 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, onuň öňki klubuna-da 45 million ýewro töledi. Şeýlelikde, Haller “West Ham” toparynyň taryhyndaky iň gymmat transfer bolup, öňki rekord 41 million ýewro görkeziji bilen Felipe Andersona degişlidi. Haller “Aýntrahtda” geçen möwsümde 47 oýunda 20 gol geçirdi. Entek Fransiýanyň ýygyndysynda çykyş edip görmedik Haller “Aýntrahtda” ozal “Utreht” hem-de “Oser” klublarynda oýnapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň