"Senagat" bankyň terminallarynda internet we IP TV üçin töelg geçirmäge mümkinçilik döredi

00:1613.07.2019
0
1262

Şu ýylyň 8-nji iýulyndan başlap, “Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankynyň terminallarynda öý telefon belgisini girizip, Internet we IPTV hyzmatlary üçin töleg geçirmek mümkinçiligi döredildi diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty ýazýar.

Mundan öň bankomatlaryň üsti bilen bank kartlary arkaly, şeýle-de internet-bankyň we mobil-bankyň üsti bilen “Türkmentelekom” EAK-nyň internet hyzmatlary üçin töleg geçirmek hyzmatlary döredildi we ol häzirki wagtda işjeň ulanylýar.

"Senagat" Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda döredilen ilkinji täjirçilik banklaryň biri bolup, ol 22 sany esaslandyryjylar-paýdarlar tarapyndan 1989-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmen täjirçilik banky hökmünde döredildi. Banky döretmegiň esasy maksady – söwda we önümçilik bilen meşgullanýan hususy telekeçileri we kärhanalary goldamakdan ybaratdyr. 1993-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmen täjirçilik banky "Senagat" Paýdarlar Täjirçilik bankyna öwrüldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň