Soňky habarlar

Arhiw

Messä 2 ýyllyk jerime berilmegi mümkin

21:0708.07.2019
0
4145

Kopa Amerika çempionaty tamamlansa-da, ýaryşyň goh-galmagaly, dawa-jenjeli ýatyşanok. 3-nji ýer üçin geçirilen duşuşykda gyzyl kart alyp, meýdançadan çykarylan Lionel Messi uly jerime bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda. Oýundan soň CONMEBOL (Günorta Amerika zolagynyň futbol federasiýasy) hem-de eminler barada aýdan sözleri sebäpli 2 ýyl milli topar üçin halkara ýaryşlardan çetleşdirilmegi mümkin. Ol CONMEBOL-y hem-de eminleri galplyk bilen aýyplapdy. Bu barada Ispaniýanyň AS gazeti habar berýär. CONMEBOL-yň ýolbaşçylarynyň biri: “Messiniň aýdanlaryny kabul etmek mümkin däl. Üstesine-de medal gowşurylyş dabarasyna-da gitmedik Messiniň eden bu hereketi hem-de aýdanlary federasiýanyň düzgünlerine hiç hili gabat gelmeýär. Ony 2 ýyllap halkara ýaryşlardan daşlaşdyrylmagy ähtimal” diýip, beýanat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň