Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Bolgariýada geçiren ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda uly hasap bilen ýeňiş gazandy

23:3806.07.2019
0
6950

Bolgariýanyň Gabrowo şäherinde geçirýän okuw türgenlerşiniň çäginde şu gün Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýerli "Orlow" sport toplumynda "Werna Siti" topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 4:1 hasabynda türkmen futzalçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Milli ýygyndymyzyň pökgüleriniň ikisini Watan Ataýew, galan ikisini bolsa Orazguly Nuralyýew bilen Arzuwguly Sapargulyýew geçirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky futzalçylarymyz bu ýygnanyşygyň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de ikisini, şol sanda "Werna Siti" bilen ýene bir duşuşyk geçirer. Ertirki ýoldaşlyk duşuşygy bolsa "Ruse" topary bilen bolar.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň bu ýygnanyşygy indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlygyň bir tapgyrydyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň