Iň ýeňil “syçanjyk”

16:4504.07.2019
0
2393

“Glorious PC Gaming Race” şereketiniň inženerleri dünýäniň iň ýeňil “syçanjygyny” işläp düzdüler. Agramy bary-ýogy 67 gram bolan enjam ak, gara we ýaldyrawuk reňkli bolar. “Model O” ady bilen öndürilen enjamyň gabarasy deşikli bolup, ol sowamagyna ýardam edýär. Şeýle hem deşikleriň kompýuterde köp işlenende eliň derlemeginiň öňüni alýandygy aýdylýar. Onuň jemi 6 düwmesi bolup, 20 million gezek basmaga çydamlydygy mälim edildi.  Enjamlaryň bahasy reňkine görä 50-60 dollar aralygynda üýtgeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň