Soňky habarlar

Arhiw

Robot “işçileriň” sany 20 milliona ýeter

12:5028.06.2019
0
3259

Senagat pudagynda awtomatlaşdyrylan ulgamlar önümçiligiň ýokarlanmagyna, harydyň özüne düşýän bahasynyň azalmagyna we işçi güýjüne bolan zerurlygy azaltmaga ýardam edýär. Aýratyn hünär talap etmeýän, şol bir hereketi gaýtalamaly bolýan işlerde senagat robotlary giňden peýdalanylýar. “Oxford Economics” atly şereketiň taýýarlan maglumatynda 2030-njy ýyla çenli önümçilik pudagynda işleýän robotlaryň sanynyň 20 milliona ýetjekdigi aýdylýar. Şeýle hem geçirilen barlagda bir robotyň 1,6 işçiniň işine ýerine ýetirip bilýändigi bellenilýär. Robotlaryň işçileriň işini “elinden aljakdygy” barada aladalar bolmagy mümkin. Emma “Oxford Economics”-iň maglumatynda awtomatlaşdyrylmagyň netijesinde dörän netijeliligiň ösüşi hem artdyrjakdygy, şol sebäpli ýiten iş orny ýaly täze işleri döretjekdigi aýratyn bellenilýär. Maglumatda Ýewropada 400 müň, ABŞ-da 260 müň, Hytaýda 550 müň robotyň “zähmet çekýändigi” aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň