Tizlik rekordyny täzeledi

22:3027.06.2019
0
1985

Geçen ýyl “Top Gear” toparynyň goýan iň ýyndam traktory rekordy täzelendi. Ýörite tehnikalary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan JCB-niň işläp taýýarlan “Fastrac” modeliniň  has ýokary tizlikde hereket etmegi üçin aerodinamika babatda has hem kämilleşdirilipdir. Motosikl ýaryşlarynyň sürüjisi, iňlis türgeni Gaý Martiniň dolandyran traktory ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda sagatda 167 km tizlige ýetdi. Traktory “Formula 1” ulaglarynyň hem işlenip düzülmegine goşant goşýan “Williams Advanced Engineering” şereketi modifikasiýa edipdir. 7,2 litrlik alty silindrli motory bolan traktoryň kuwwatynyň 1 000 at güýjüne barabardygy mälim edildi. Mundan ozalky rekord 140 km/s bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň