Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny akdyrmagyň möhletini ýene bir ýyl uzaldar

11:5927.06.2019
0
784

26-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna Energetika ministrligi tarapyndan daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň bu barada berýän habaryna görä, ääzirki wagtda elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän mukdaryny köpeltmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Birnäçe ugur boýunça elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamalaryň hereket edýän möhletiniň 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýandygy habar berildi. Goňşy ýurda elektrik energiýasyny mundan beýläk-de eksport etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16-njy iýunda türkmen wekiliýeti Hyrat şäherine bardy. Saparyň çäklerinde degişli Teswirnama gol çekildi, oňa laýyklykda, elektrik energiýasynyň eksportynyň möhleti 2020-nji ýylyň dekabryna çenli uzaldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň