Sahypasy gutarmaýan depder

19:4119.06.2019
0
2424

Köp zadyň kompýuterde we mobil enjamlarynda ýazylmagy bilen depdere ýa-da kagyza ýazmak endigi azalyp barýar. Emma elde ýazmagy hem halaýanlar az däl. Eýsem, hem eliňe galam alyp, hem-de kompýuterde hat ýazyp bolarmyka? Ukrainanyň paýtagty Iýewde  ýaşaýan Ýewgeniý Şylo, Katýa Mihalko, Nikita Wladykin atly ýaşlar “Nuka” atly şeýle depderi taýýarladylar. Bu depderiň hiç haçan gutarmajak galamy hem bar. Işläp taýýarlaýjylar onuň depderiniň sahypasynyň hem gutarmajakdygyny, ähli howa şertlerinde, suwuň aşagynda, hatda kosmos giňişliginde hem ulanyp boljakdygyna ünsi çekýär. Şeýle hem ýazylan zady bozmak üçin ýörite elýaglygy hem bar. Häzirki wagtda bu üýtgeşik depderiň önümçiligini ýola goýmak üçin “Kickstarter” we “Indiegogo” saýtlary arkaly pul ýygnalýar. Isleg bildirýänler 59 dollar tölemek arkaly bu harydy sargyt edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň