Top.Mail.Ru

Aşgabatda italýan pioninoçy Roberto Prossedanyň konserti boldy

22:2018.06.2019
0
4651

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Italiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda meşhur italýan  kompozitory Nino Rotanyň hormatyna bagyşlanyp, Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde wirtual pianino ussady Roberto Prossedanyň we ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.
Italiýanyň meşhur kompozitory hökmünde tanalýan Jowanni Nino Rota ökde pianinoçy hem-de dirižýordyr. Sungat ýolunyň dowamynda ol çeper filmler üçin 150-ä golaý saz döretdi. Ol Federiço Fellininiň, Luçino Wiskontiniň we Franço Zefirelliniň kinofilmlerine ýatdan çykmajak owazlary bagyş etdi. Mundan başga-da, onuň operadyr balet, sahnadyr hor üçin ýazan sazlary abraýly baýraklara mynasyp boldy. Konsertiň başynda Italiýanyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Soňra Joakkino Rossininiň «Italiana in Algeri » eseri ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, Nino Rotanyň «Valzer fantasia», «Ballo figurato», «Romanza», «Kan-Kan», «Kadril», «Kay» eserleri tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Dabaranyň ahyrynda Rejep Rejebowyň, Aman Agajykowyň sazlary ýaňlanyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň