Fýodor Ýemelýanenko Bellator bilen täze şertnama baglaşdy

10:4017.06.2019
0
1655

Garyşyk söweş sungatlarynyň ägirdi, russiýaly Fýodor Ýemelýanenko “Bellator” bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu barada Bellatoryň prezidenti Skott Koker belläp geçdi. Onuň täze şertnama laýyklykda näçe gezek tutluşyk geçirjekdigi öňümizdäki günlerde kesgitlener. 42 ýaşly Ýemelýanenko soňky sapar şu ýylyň ýanwar aýynda “Gran Pri” baýragynyň çäklerinde agyr agram derejesiniň finalynda amerikaly Raýan Beýderden nokaut bilen asgyn gelipdi. Ýemelýanenko karýerasy boýunça 45 tutluşyk geçirip, şolaryň 38-sinden ýeňiş gazandy. 6 tutluşykda bolsa, ýeňlişe sezewar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň