Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi

16:4313.06.2019
0
701
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti "Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda" Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň 2019-njy ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmek we baýraklar bilen sylaglamak bellenildi:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň Daşky gurşawyň himiýasy we ekologiýasy barlaghanasynyň 2-nji derejeli inženeri Meňli Aýdogdyýewna Annagylyjowany (1-nji orun — noutbuk DELL);

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy Maksatmyrat Çaryýewiç Hydyrowy (1-nji orun — noutbuk DELL);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň öwreniji mugallymy Leýli Aşyrgulyýewna Aşyrowany (1-nji orun — noutbuk DELL);
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň umumy tehniki dersleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy Annaguly Berdimuhammedowiç Babaýewi (1-nji orun — noutbuk DELL);

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 2-nji ýyl diňleýjisi Gunça Annasahatowna Taganowany (2-nji orun — noutbuk HP);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Merkezi barlaghanasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Perhat Rahatmyradowiç Soltanmyradowy (2-nji orun — noutbuk HP);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili kafedrasynyň mugallymy Gaýgysyz Rejepmämmedowiç Döwletowy (2-nji orun — noutbuk HP);

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Mekan Kowusowiç Babaýewi (2-nji orun — noutbuk HP);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň Geofiziki gözegçilik barlaghanasynyň 2-nji derejeli inženeri Gunça Hanmämmet gyzy Hojamämmedowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Mähri Döwletgeldiýewna Jumaýewany (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Lebap welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi Didar Babajanowiç Durdyýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Sylap Şatlykowiç Sylapowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Läle Bäşimowna Aşyrowany (1-nji orun — noutbuk DELL);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiýa we nanomateriallar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Enejan Abraýgulyýewna Döwranowany (1-nji orun — noutbuk DELL);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kemal Hudaýberdiýewiç Allaberdiýewi (1-nji orun — noutbuk DELL);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Jumadurdyýewiç Hallyýewi (1-nji orun — noutbuk DELL);

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ogulsuraý Nurmyrat gyzy Seýitgulyýewany (1-nji orun — noutbuk DELL);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň talyby Hangeldi Jepbarowiç Jepbarowy (2-nji orun — noutbuk HP);

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Perhat Jumamyradowiç Hojanýazowy (2-nji orun — noutbuk HP);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň durmuş-ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jennet Rahmanberdi gyzy Rahmanberdiýewany (2-nji orun — noutbuk HP);

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň demir ýol fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbanmuhammet Halmämmedowy (2-nji orun — noutbuk HP);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Gurbangeldiýewiç Bazarowy (2-nji orun — noutbuk HP);

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Guwanç Orazgeldiýewiç Mämiýewi (2-nji orun — noutbuk HP);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýjahan Bagtyýarowna Jumanazarowany (2-nji orun — noutbuk HP);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kuwwat Atamyradowiç Mülkiýewi (2-nji orun — noutbuk HP);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Guwanç Çaryýewiç Garýagdyýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýşat Nurmuhammedowna Laparowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kerwen Merdanowiç Gurbannazarowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kerwen Muhammetrahymowiç Berdiliýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Kerim Ýusupowiç Weliýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Saýýara Nuretdinowna Ereşowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Anwar Ilamanowiç Esedowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülbahar Orazgeldiýewna Amangeldiýewany (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň inžener ulgamlary we desgalary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Batyrmyrat Baýrammyradowiç Durdyýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk we weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Musabek Zaýirowiç Narbaýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýjeren Amangeldiýewna Amangeldiýewany (3-nji orun — planşet SAMSUNG).

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň