Soňky habarlar

Arhiw

«Toyota» we «Subaru» kompaniýalary bilelikde elektrokar öndürer

00:2908.06.2019
0
1156

«Toyota» we «Subaru» kompaniýalary elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary kämilleşdirmekde hyzmatdaşlyk ederler. Ýapon şereketleri orta we uly göwrümli şeýle hem SUV modeline degişli ulaglaryň tehnologiýasyny kämilleşdirerler. Iki kompaniýa özleriniň tejribelerini paýlaşyp, daşky gurşaw üçin zyýansyz ulaglaryň önümçiligini ýola goýar. 2005-nji ýyldan bäri bu iki şereket awtoulaglaryň önümçiligi we satuwy babatda hyzmatdaşlyk edýärler. Täze ylalaşyga görä, brendler ulaglaryň arasyndaky baglanyşyklar, sürüjisiz ulag tehnologiýalary, elektrik energiýa çeşmeleri babatda has işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýar. Bu hyzmatdaşlyk «Toyota» we «Subaru» kompaniýalarynyň müşderileriň isleglerine gysga wagtda jogap bermäge mümkinçilik döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň