Soňky habarlar

Arhiw

"Köpetdag" Türkmenistanyň futzal ligasynyň galdyrylan duşuşygynda "Milli goşuny" uly hasap bilen ýeňdi

23:3307.06.2019
0
5113

Türkmenistanyň futzal ligasynyň 16-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilen duşuşykda “Köpetdag” bilen “Milli goşun” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda 7:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Köpetdag” ýaryş tertibinde ikinji orna geçmegi başardy. “Köpetdag” birinji orunda barýan “Talyp sporty” ýaly 38 utuk toplamagy başardy. Ýöne şahsy görkezijileri sebäpli “Talyp sporty” birinji orny eýeleýär.

Ilkinji gezek futzal ligasy ady bilen geçirilýän ýurdumyzyň çempionaty toparlaryň 12-siniň gatnaşmagynda geçirilýär. Iki aýlawdan ybarat bolan futzal ligasynyň duşuşyklarynyň Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Änewde geçirilýändigini ýatladýarys. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry 29-njy iýunda geçiriler.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň