Soňky habarlar

Arhiw

Habib Nurmagomedow bilen Dastin Porýe sentýabrda Abu-Dabide tutluşar

11:2807.06.2019
0
24891

UFC russiýaly söweşiji Habib Nurmagomedow bilen amerikaly Dastin Porýeniň sentýabr aýynda tutluşyk geçirjekdigini resmi ýagdaýda habar berdi. Bu tutluşyk, ýagny UFC 242 urşy sentýabr aýynyň 7-sine Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabidäki «Yas Island Arena»-da geçiriler. Bu duşuşyk Konor Makgregor bilen geçiren tutluşygyndan soň, jerime alan Habibiň 10 aýdan soň ilkinji tutluşygy bolar. Mälim bolşy ýaly Habib Nurmagomedow geçen ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-da Konor Makgregor bilen tutluşyp, garşydaşyny ýeňlişe sezewar edipdi. Tutluşygyň soňunda bolup geçen wakalardan soň, oňa UFC tarapyndan jerime berlipdi.
Nurmagomedowyň muşdaklaryny begendiren tutluşygyň petekleriniň satuwy şu gün başlanar. Petekleriň bahasy 250 dirhemden (68 amerikan dollary) başlaýar (www.ticketmaster.ae/event/ufc-242-tickets).
Ringe çykmagy küýseýändigini beýan edýän Habib Nurmagomedowyň eýýämden bu tutluşygyň taýýarlyklaryna başlandygy habar berildi. 30 ýaşyndaky türgen şu wagta çenli geçiren 27 tutluşygyň ählisinde-de garşydaşlaryndan rüstem gelipdi (8-si nokaut bilen).
The Diamond lakamly 30 ýaşyndaky Porýe şu wagta çenli 31 tutluşyk geçirip, şolaryň 25-sinde ýeňiş gazandy (12-si nokaut), 5-sinde garşydaşlaryndan asgyn geldi. Ýeri gelende aýtsak, Porýe 2014-nji ýylda Konor Makgregor bilen geçiren tutluşygynda irlandiýaly garşydaşyndan ýeňlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň