Türkmenistanyň Daşkentdäki diplomatik wekilhanasy welosiped ýörişini gurnady

17:5302.06.2019
0
4406

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň yglan eden Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň Özbegistandaky Ilçihanasy 1-nji iýunda welosiped ýörüşini gurnady.

Daşkendiň merkezi köçelerinden bäş kilometr aralyga geçirilen welosiped ýörüşine Ilçihananyň işgärleri, ýurdumyzdan Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, kowçum ýaşaýan türkmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň öň ýanynda geçirilen dabarada 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Bütindünýä welosiped gününi bellemek baradaky Rezolýa 56 döwletiň awtordaş bolmagy Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň, onuň ynsanperwerlik ýörelgelerine we durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlydygynyň subutnamasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň