Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä sporty: "Çelsi" Ýewropa ligasynyň finalynda "Arsenaly" uly hasap bilen ýeňdi

11:3930.05.2019
0
4187

29-njy maýda Baku şäheriniň Olimpiýa stadionynda UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Onda şäherdeşi "Arsenal" bilen duşuşan Londonyň "Çelsisi" garşydaşyndan 4:1 hasabynda üstün çykyp, Ýewropanyň ikinji derejeli kubogyna mynasyp boldy.

Birinji ýarymynda derwezelere ýeke pökgi hem geçirilmedik duşuşygynda garşydaşyň derwezesine bir pökgi geçiren "Arsenalyň" futbolçylary öz derwezesinde 4 pökgi gördüler.

Ikinji ýarymyň 9-njy minudynda fransuz futbolçysy Oliwýe Žiru hasaby açdy. Şondan 11 minut soňra ispaniýaly ýarym goragçy Pedro Rodriges "Arsenalyň" derwezesinden ikinji pökgini geçirdi. Ýene 5 minutda belgiýaly ýyldyz Eden Azar tapawutlandy. Onuň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi bilen "Çelsi" 3:0 hasabynda öňe saýlandy. 4 minut soňra nigeriýaly Aleks Iwobi aralygy ýygran hem bolsa, Eden Azar ýene bir gol bilen duşuşygyň nokadyny goýdy.

Şeýlelikde, baş tälimçi Maurisio Sarri karýerasyndaky ilkinji kubogyny gazandy. Ýewropa ligasynyň şu möwsüminde 11 gezek tapawutlanan Žiru bolsa iň netijeli futbolçy boldy. "Çelsi" bolsa bu kubogy iki gezekden köp gazanan 13-nji klub boldy. Ýewrokuboklarda 140 duşuşyk geçirip, şolaryň 59-synda derwezesine ýekeje pökgi hem geçirtmedik tejribeli derwezeçi Petr Çeh bolsa şu duşuşyk bilen karýerasyny tamamlady.

"Çelsi" 14-nji awgustda Çempionlar ligasynyň finalçylary "Liwerpul" bilen "Tottenhemiň" arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda güýç synanyşar. Bu duşuşyk Stambul şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň