Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

15:3411.05.2019
0
12244

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyna:

Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasyndan gelip gowşan hoş habar;

Aşgabatda 15 — 16-njy maýda GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi;

2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini taýýarlamak, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek meseleleri;

şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk;

ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça alnyp barylýan işler;

ýerli çig malyň esasynda halkara hil ölçeglere kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini özleşdirmek, şeýle hem howa ulaglary arkaly ýük daşalyşyny artdyrmak, awtomobillere hyzmat etmegi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler;

söwda toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze dükanlary gurmak boýunça alnyp barylýan işler we Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän söwda dükanlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler;

okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli däp bolan «Soňky jaň» dabarasyna taýýarlyk görlüşi;

15 — 16-njy maýda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň medeni maksatnamasy;

oba hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň we ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy;

15 — 16-njy maýda Aşgabatda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri boýunça hasabatlar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň