Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: "Altyn asyr" Myrat Annaýewiň dubly bilen ýeňiş gazandy

09:4208.05.2019
0
5862

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň çäginde Balkanabatda geçirilen duşuşykda ýerli “Nebitçi” paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparyny kabul etdi. Soňky pursada çenli çekeleşikli häsiýete eýe bolan duşuşykda hasaby ilki ýer eýeleri açdylar. Bu goly oýnuň 50-nji minutynda Şamämmet Hydyrow öz adyna ýazdyrdy. Şondan soň hüjümleriniň sanyny has-da artdyran “Altyn Asyr” soňky pursatlarda ýeňiş gazanmagy başardy.Paýtagtymyzyň netijeli urgularyny Myrat Annaýew geçirmegiň hötdesinden geldi.

Gazanan bu ýeňşinden soň 5 oýunda 11 utuk toplan “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. 9-njy tapgyryň duşuşyklary 10-njy hem-de 11-nji maýda geçiriler.

 “Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:2

Gollar: 50 Şamämmet Hydyrow (“Nebitçi”) – 88, 90+4  Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 62 Aşyrgeldi Ilýasow, 77 Şamämmet Hydyrow, 83 Alikper Kerimow, 90+2 Myratberdi Berenow (“Nebitçi”) – 51 Bagtyýar Gürgenow, 56 Begenç Annagurbanow, 90+5 Resul Hojaýew (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Begnazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

Habaryň çeşmesi: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň