Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Turkmenportal Türkmenistanda iň köp peýdalanylýan 10 saýtyň biri

10:4015.04.2019
0
27984

«Turkmenportal» habarlar saýty 2019-njy ýylyň aprel aýynyň başyndan bäri türkmenistanly internet ulanyjylaryň iň köp giren, iň köp salgylanan 10 saýtynyň hataryna girdi. Dünýä belli «Alexa Internet» reýting portalynyň maglumatlaryna görä, biziň saýtymyz ýurtda ilkinji onlukda görkezilýär.

«Alexa Internet» dünýädäki ilkinji we iň abraýly internet kompaniýalarynyň biridir. Ol döwletlerdäki meşhur saýtlaryň reýtingini düzende soňky üç aýda we gündelik ulanyjylaryň sanyna salgylanýar. Onuň sanawy bütin Ýer ýüzi boýunça 30 million saýty öz içine alýar. «Alexa Internetiň» Türkmenistan boýunça sanawyna görä, ýurdumyzda iň köp girilýän çeşme «Google» gözleg ulgamydyr. Şu habarymyz bilen ugurdaş suraty synlap, siz 10 ornuň üçüsinde «Google»-yň adyny görersiňiz. Olar «Google.com»-uň özi, rusça («Google.ru») we türkmençe («Google.tm») görnüşleridir. Sanawyň ikinji ornunda «Yandex» gözleg ulgamy, üçünji ornunda «Youtube» wideomaglumatlar çeşmesi bar. Şeýle hem «Mail.ru» portaly dördünji, «Wikipedia» erkin ensiklopediýasy bolsa altynjy orny eýeledi.

Ilkinji onluga girizilen «Turkmenportal» habar saýty ýurduň internet giňişligindäki iň iri we iň ygtybarly habar çeşmeleriniň biridir. 2011-nji ýylda esaslandyrylan saýt geçen ýyllaryň dowamynda türkmenistanly we daşary ýurtly internet ulanyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. «Alexa Internetiň» maglumatlaryna görä, saýta girýän okyjylaryň 71 göterimi Türkmenistanyň raýatlary, galan 29 göterimi bolsa daşary ýurtly ulanyjylardyr. Umumy sanawda bolsa «Turkmenportal» 14792-nji orunda. Saýta her gün 35 müň, her aýda bir million adam göz aýlaýar. Içindäki maglumat gorunyň hernäçe baýdygyna garamazdan, «Turkmenportalyň» işleýiş tizligi hemişe ýokary derejesini goraýar.

«Turkmenportal» öz maglumatlaryny okyjylaryna Facebook, Vkontakte, Odnoklassniki, Instagram, Twitter we Youtubedäki kanallary arkaly hem ýetirýär.

2019-njy ýylda saýtyň iňlis dilindäki görnüşi hem işläp başlady. Şeýlelikde, «Turkmenportalyň» okyjylarynyň arasynda iňlis dilinde gürleşýän internet ulanyjylary hem goşuldy. Çünki iňlis dili Ýer ýüzündäki 360 ― 400 million töweregi adamyň ene dilidir. 600 ― 700 million çemesi adam üçin bolsa şu dilde düşünişmek we okamak has ýeňil.

«Turkenportalyň» maksady Türkmenistanda we dünýä jemgyýetçiliginde häzirki döwürde bolup geçýän täzelikleri öz okyjylaryna hemişe gyzgyny bilen ýetirip durmakdan ybaratdyr.

«Yandex», «Google», «Rambler» ýaly gözleg ulagmalary bilen sazlaşykda işleşýän «Turkmenportalyň» täzelikleri saýtda ýerleşdirilen dessine indesklenýär. Muny soňky ýyllarda Russiýa, Türkiýe, Horwatiýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan ýaly döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öz täzeliklerinde ýygy-ýygydan «Turkmenportala» salgylanandygy hem görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň