Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn asyr” Türkiýäniň Superligasynyň wekili bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

23:3526.03.2019
0
4588

Aşgabadyň “Altyn asyr” futbol topary Türkiýedäki okuw-türgenleşiginiň çäginde bu ýurduň Superligasynyň wekili “Alanýaspor” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. “Alanýa Oba” stadionynda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda türk toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. 
“Yeni Alanya” gazetiniň habarynda ýazylyşy ýaly, duşuşygyň 1-nji minudynda ýerli topar Senegalyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Papiss Sisseniň geçiren goly bilen öňe saýlandy. Okyjylarymyzyň bu futbolçynyň dürli ýyllarda Angliýanyň “Nýukasl Ýunaýted”, Fransiýanyň “Mes”, Germaniýanyň “Fraýburg” toparlarynda çykyş edendiginden habary bardyr.
“Altyn asyr” ikinji ýarymda hasaby deňlän hem bolsa, 85-nji minutda ýer eýeleri ýene birgezek öňe saýlandylar. Pökgini angolaly futbolçy Jalma Kampuşa geçirdi. Duşuşyk şu hasap bilen hem tamamlandy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Altyn asyryň” bu ýerde Belarusyň “Torpedo-BelAZ” topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.
Türkmenistanyň bäş gezek çempionynyň Türkiýedäki okuw-türgenleşiklerindäki esasy maksady AFK-nyň kubogy ― 2019-a taýýarlanmakdyr. “Altyn asyr” yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 3-nji aprelde Bişkek şäherinde ýerli “Dordoý” bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň