Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer

13:1022.03.2019
0
6468

Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Türkiýede 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-19) ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer.

Aziz Kambarowyň tälim berýän ýaşlar ýygyndymyz ilkinji duşuşygynda maltaly deň-duşlary bilen duşuşar.

Ýoldaşlyk duşuşyklary:

22-nji mart

Türkmenistan (U-19) – Malta (ýaşlar düzümi)

24-nji mart

Türkmenistan (U-19) – Kosowo (ýaşlar düzümi)

25-nji mart

Türkmenistan (U-19) – “Wolga U20” (Nižniý Nowgorod, Russiýa)

29-njy mart

Türkmenistan (U-19) – “Lokomotiw Moskwa U20” (Russiýa)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň