Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy

10:4904.03.2019
0
3049

3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Munuň üçin milletiň Lideri bahar paslynyň ilkinji dynç gününde ir bilen Olimpiýa şäherçesine geldi.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyza wekilçilik edip, ýaryşlara gatnaşjak türgenleriň seçilip alnyşy hem-de olaryň sanawy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary hem bar.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary düzümlerinde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly hasabatlary berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Tokioda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna türgenlerimiziň örän işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmaklaryny gazanmak ugrunda tagalla gaýgyrmaly däldigini nygtady. Taýýarlyk görmek üçin hemme zerur şertler döredilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumyndaky mümkinçilikleri has doly peýdalanmak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary barada aýdyp, halkara derejedäki iri ýaryşlara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly kararyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň