Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň çempiony türkmenistanly täze futbolçysyny tanyşdyrdy

18:5601.03.2019
0
3827

Özbegistanyň futbol boýunça çempiony, Daşkent şäheriniň «Lokomotiw» futbol topary geçiren açyk türgenleşiginiň çäginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerin bilen toparyň düzümine täze goşulan sekiz futbolçysyny tanyşdyrdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem bar. Tanyşdyryş dabarasynda aýdylyşy ýaly, biziň ildeşimiz täze toparynda «71» belgili köýnekçede çykyş eder. Dabara klubyň müdiriniň orunbasary Tulabek Akramow, baş tälimçi Andreý Fýodrow we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Bu dabaradan birnäçe gün ozal «Lokomotiwiň» resmi saýtynda Arslanmyrat Amanow bilen gysgaça söhbetdeşlik ýerleşdirildi. Şol söhbetdeşlikde türkmenistanly ýarym goragçynyň aýdanlary şu sözler bilen getirilýär: «Daşkendiň «Lokomotiwi» ― güýçli topar. Topar muny geçen möwsümde ýene bir gezek subut etdi. «Buhoro» bilen şertnamam tamamlanansoň, maňa toparlaryň birnäçesinden teklipler geldi. Ýöne men gutarnykly karara Aziýa kubogyndan soňra geljekdigimi aýtdym. Yklym ýaryşynyň tamamlanmagyndan birnäçe gün soňra «Lokomotiw» bilen şertnama baglaşdym. Topar örän güýçli futbolçylardan düzülen. Täze gelenler topardan aýrylan futbolçylaryň ornuny doly tutup, olaryň ýoklugyny bildirmez. «Lokomotiw» hemişe öňünde belent maksatlary goýýan topar. Toparymyz şu ýyl hem ähli ýaryşlarda ýokary derejede çykyş etmek üçin göreşer».
Täze toparynyň Türkiýede geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynda yzygiderli çykyş eden ildeşimiz ýakynda Özbegistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçirilen duşuşykda ätiýaçdaky düzüme goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň