Soňky habarlar

Arhiw

Ulugbek Muminow: «Standart urgularda seresap bolarys»

23:2426.02.2019
0
4171

“Alaý” toparynyň baş tälimçisiniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji Ulugbek Muminow «Aşgabat» stadionynda «Ahal» bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygyndan öň bolup geçen metbugat maslahatynda žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

–  Birinji duşuşykda ýeňildiňiz. Ikinji duşuşykda nähili üýtgeşmeleri girizmekçi bolýarsyňyz?

–  Ilki bilen “Ahal” toparyna görkezen myhmansöýerligi üçin köp sagbolsunymy aýdýaryn. Birinji oýunda dessine gol geçirmek maksady bilen meýdana çykypdyk. Ýöne futbol futbollygyna galýar. Gynansakda, ilkinji goly öz derwezämizden çykarmaly bolduk. Iki standartda iki gol geçirtdik. Hüjüm futboluny öňe sürmäge çalyşdyk. Ýeňlişimiziň sebäplerini giňişleýin seljerme geçirdik. Indiki oýunda birinji duşuşykda goýberen ýalňyşlyklarymyzy gaýtalamajak bolarys. Diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys.

–  Toparyňyzda şikes alan oýunçylar barmy?

–  Ýok şikesli oýunçylarymyz ýok. Oýunçylarymyz babatynda kynçylyk çekmeýäris. Oýna doly derejede taýýardygymyzy aýdyp geçeýin.

― Öz toparyňyzyň oýunçylaryny, şeýle-de, garşydaşyňyzyň güýçli oýunçylary hakynda aýdyp berseňiz.

–  Öz toparymyz hakynda belli bir oýunçyny saýlap bilmerin. Esasy oýnumyz tutuş toparymyzyň oýny. Garşydaşymyz hakynda aýtsam, onda “Ahalyň” hemme oýunçysy ýokary derejede çykyş edýär.

–  Aşgabada gelmek üçin köp ýoly külterlemeli bolduňyz. Ýadawlygyňyz oýna öz täsirini ýetirip bilermi?

–  Demir ýol ulgamy arkaly gelendigimiz bizi birjikde surnukdyrmady. Ilki Daşkent şäherinde “Lokomoytiw” bilen AGMK toparlarynyň arasynda geçirilen Özbegistanyň Naýbaşy Kubogyna tomaşa etdik. Umumylykda 17 sagat töweregi ýolda bolduk. Ýöne muňa garamazdan, gowy dynç alyp ýetişdik. Oýunçylarymyzyň dynç almaga wagtlary ýeterlik boldy.

― Garşydaşyňyzyň oýnuna nähili baha berýärsiňiz?

–  Myhmançylykda çykyş edendigi sebäpli “Ahal” esasy ünsüni garşylyklaýyn hüjümde jemledi. Ýaňy hem belläpdim, iki standart, iki gol. Belki-de, “Ahal” bu duşuşykda hem hüjüm futboluny öňe sürer. Ertirki oýunda iň güýçli taraplarymyzy görkezmäge çalşarys.

“Alaý” toparynyň derwezeçisi Abduaziz Makhamow:

–  Biziň esasy ünsümizi jemläp, ýeňiş gazanmaga çalşarys. Oýunçylarymyzyň hemmesi oýna taýýar. Garşydaşymyzyň oýnuna görä oýnumyzy gurarys. Biz aglaba oýunlarymyzy ot örtükli meýdanda geçirýäris. Ertirki oýunda sintetik örtükli meýdança çykyş edýändigimize garamazdan, ýeňiş gazanmagy esasy maksadymyz edinýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň