Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri kenarýaka woleýboly boýunça dünýä ýaryşyna gatnaşarlar

16:2118.02.2019
0
3150

Ençeme ýyldan soňra Türkmenistanyň ýygyndysy kenarýaka woleýboly boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşar. Halkara woleýbol federasiýasy (FIVB) tarapyndan geçirilýän ýaryş 28-nji fewral ― 3-nji mart aralygynda Hindistanyň Wişakhapatnam şäherinde gurnalar. Dünýä çempionatyna biziň ýurdumyzdan iki toparyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň ilkinjisine Kakajan Owşarow bilen Rysgal Resulow, ikinjisine Ýusup Gurbanow bilen Dawut Berdimuhammedow wekilçilik eder.
― Türkmenistanyň woleýbol federasiýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, biziň türgenlerimiz kenarýaka woleýbol boýunça iň soňky halkara ýaryşa mundan birnäçe ýyl ozal gatnaşypdylar. Bu ýaryş Kenarýaka Aziýa oýunlarydyr. Öňde duran täze ýaryş türgenlerimiziň tejribe toplamagyna we ýurdumyzda kenarýaka woleýbolynyň has-da ösdürilmegine ýardam berer ― diýip, «Media Türkmen» habarlar agentliginiň ORIENT saýtynda ýazylýar.
Dünýä çempionatyna erkeklerden 30 topar gatnaşar we olar 20 döwlete wekilçilik ederler. Şeýle-de 12 döwletden 21 sany zenanlar toparynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň