Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylarynyň Aziýa kubogyndaky garşydaşy baş tälimçisiz galdy

19:1107.02.2019
0
3395

Aziýa kubogy ― 2019-da we bu ýaryşyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen bir toparçada ýaryşan Omanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Pim Werbek wezipesinden boşadyldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen futbolçylary yklym ýaryşynyň «F» toparçasynyň çäginde geçirilen duşuşykda Omanyň ýygyndysyndan 1:3 hasabynda asgyn gelipdiler. Şeýlelikde, omanly futbolçylar üçünji orny eýelän iň gowy dört ýygyndynyň hatarynda ýaryşyň 1/8 finalyna çykyp bilipdi. Ýöne olar bu gezek Eýranyň ýygyndysyndan ýeňlip, Watanyna dolanmaly boldular.
Düýn, 6-njy fewralda Omanyň futbol federasiýasy gollandiýaly tälimçiniň wezipesinden boşadylandygyny habar berdi. Habarda onuň tälimçilik karýerasyna nokat goýjakdygy hem aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň