Futbol, AFK-nyň kubogy ― 2019: «Ahal» düzümini güýçlendirýär

15:4304.02.2019
0
7330

Geçen möwsüm Türkmenistanyň futbol çempionatyny ikinji orunda tamamlan «Ahal» topary täze möwsümiň öňüsyrasy düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Röwşen Meredowyň tälim berýän topary milli çempionatymyzda çykyş edýän oýunçylaryň bäşisini düzümine geçirdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.
«Ahalyň» düzümine Pirmurat Sultanow («Köpetdag»), Azady Annadurdyýew, Süleýman Orazow, Ybraýym Mämmedow (hemmesi-de «Aşgabat») hem-de Gurban Annaýew («Nebitçi») geçdiler.
Ýeri gelende aýtsak, «Ahal» häzirki wagtda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Röwşen Meredowyň şägirtleri bu ýerde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, olaryň ikisinde-de ýeňiş gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň