Turkmenportal logo
26.01.19
97449744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Zenanlar birleşigine we Kärdeşler arkalaşyklaryna täze ýolbaşçy saýlanyldy
Türkmenistanda Zenanlar birleşigine we Kärdeşler arkalaşyklaryna täze ýolbaşçy saýlanyldy

26-njy ýanwarda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň IX mejlisi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisi geçirildi, şolarda bu jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlislerde guramaçylyk meselelerine hem garaldy, pensiýa çykmagy sebäpli, G.Baýramowa Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.
Bu wezipelere ozal Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinde işlän G.Ataýewa bellenildi.