Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolunyň wekilleri Ispaniýanyň La-Ligasynyň wekili bilen gepleşikleri geçirdiler

18:1115.01.2019
0
1131

Dubaýyň “Marriott” myhmanhanasynyň konferensler zalynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Ispaniýanyň La-Ligasynyň Merkezi Aziýa we Eýrana jogapkär wekili Haiz Rahmani bilen duşuşyk geçirdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.

Ikitaraplaýyn geçirilen gepleşigiň dowamynda çagalar we ýetginjekler futbolunda tejribe alyşmak, şeýle-de, ýurdumyzda futboly ýokary derejä çykarmak babatynda pikir alşyldy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň futbol wekiliýetiniň şu günler BAE-de dowam edýän Aziýa Kubogyna gatnaşmak maksady bilen gelendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň