Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika, Kataryň kubogy - 2018: Rejebow altyn, Jumabaýewa bürünç medal gazandy

05:5023.12.2018
0
7799

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Doha şäherinde Kataryň kubogyna mynasyp bolmak ugrunda halkara agyr atletika ýaryşy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşdy.

Türkmen agyr atletikaçylaryndan iň ýokary netijäni erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Rejepbaý Rejebow gazandy. Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda hormat münberine sähelçe kilogramy ýetmedik ildeşimiz bu gezek altyn medala mynasyp boldy.

Ştangany silterläp götermek boýunça 162 kilogram netije bilen altyn medal gazanan R.Rejebow itekläp götermekdäki netijesini 192 kilograma çykardy. Bu görnüşde ol latwiýaly Ritwars Suharewsden 2 kilogram yza galdy we kümüş medal gazandy. Ýöne iki görnüşiň jemi boýunça ýene-de biziň ildeşimiziň taýy tapylmady. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgäri R.Rejebow 354 kilogram netije bilen Kataryň kubogynda altyn medal gazandy.



Ermenistanly türgen bolsa Aşgabatda örän şowsuz çykyş edip, synanşyklarynyň birinde-de ştangany göterip bilmändi.

354 kilogram Rejepbaý Rejebowyň şahsy rekordy däldir. Ol Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda netijesini 363 kilograma çenli çykarypdy. Ýöne Katardaky ýaryş onuň gatnaşan halkara ýaryşlarynda görkezen netijeleriniň arasynda ikinji orny eýelýär.

Latwiýaly türgeniň kümüş medal gazanan ýaryşynda ilkinji üçlügi ermenistanly Andranik Karapetýan jemledi. Gazagystanly aggyr atletikaçy Aidar Kazow silterläp götermek boýunça kümüş medal gazanan hem bolsa, iki görnüşiň jemi boýunça dördünji orunda galdy. Ýeri gelende aýtsak, ýokarda ady geçen türgenleriň ählisi hem Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşandyr. Rejepbaý Rejebow dünýä çempionatyny 4-nji orunda tamamlan bolsa, Ritwars Suharews 11-nji, Aidar Kazow 19-njy orny eýeläpdi.

 Halkara ýaryşlara 2011-nji ýyldan bäri gatnaşýan 26 ýaşly agyr atletikaçy üçünji gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykyp gördi. Ilkinji altyn medalyny 2011-nji ýylda ýaşlaryň arasynda Aziýanyň klublaýyn çempionatynda gazanan R.Rejebow geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny hem altyn medal bilen tamamlapdy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň