Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňki derwezeçisi we häzirki wagtda Russiýanyň ýygyndysynda hem-de «Rostow» klubynda Waleriý Karpiniň kömekçisi bolup işleýän Witaliý Kafanow «Matç TW» bilen söhbetdeşliginde öz futbol ýoly baradaky ýatlamalary bilen paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, ol futbol bilen meşgullanmaga gijiräk başlapdyr. Ol şonda 15 ýaşynda eken. Ol mekdepde gowy okajakdygyna wada berenden soň, ejesi oňa futbol bilen türgenleşmäge rugsat beripdir.
– Men futbola 15 ýaşymda geldim. Şol wagtlar ilkibaşda ejem meni futbola asla goýbermek islemeýärdi, ol meniň mekdepde tapawutlanyp okamagymy, durmuşda belli bir hünäriň eýesi bolmagymy arzuw edýärdi. Netijede dokuzynjy synpda, ahyry munuň mekdepdäki okuwymyň bahalaryna täsir etmejekdigine wada beremden soň, futbol bilen meşgullanmaga rugsat aldym – diýip, Kafanow gürrüň berdi.
Kafanow futbol karýerasynyň köp bölegini Aşgabadyň «Kolhozçy» komandasynda geçirdi, ol resmi oýunlara diňe 23 ýaşynda goýberilipdi. Şeýle-de ol Saratowyň «Sokol» we Swerdlowskiýniň «Uralmaş» (häzirki «Ural») klublarynda çykyş edýär. SSSR döwleti dargandan soň Gazagystanyň çempionatynda Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Almatanyň «Kaýrat» komandasynda oýnaýar.
Bellemeli ýeri, Kafanow iki ýurduň ýygyndysynda çykyş etmäge ýetişýär. Ol 32 ýaşynda Gazagystanyň ýygyndysynda ilkinji gezek çykyş edýär, biraz soňra bolsa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda-da çykyş edýär, bu ýerde birnäçe duşuşyklara gatnaşmak miýesser edýär, şol sanda ol Eýranyň ýygyndysy bilen dostlukly duşuşyklary we Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyrynda Liwanyň ýygyndysyna garşy resmi oýunlary geçirýär.
– Dogduk şäherim Aşgabada futbol ýolumy tamamlamaga gitdim. Şol wagtlar «Nusaý» komandasynda gowy topar ýygnalypdy, ýurdumyzyň esasy komandasy «Köpetdag» bolsa Walera Masalitin, Walera Broşin, Gruziýanyň we Ermenistanyň ýygyndylarynyň wekilleri ýaly ussat futbolçylar oýnaýardylar. Futbola gyzyklanmam diýseň uludy. Türkmenistana tälimçi bolmak islegim bilen tamamlamaga gelipdim, emma şol mahal maňa Eýranyň ýygyndysy bilen iki dostlukly duşuşygyny geçirmegi teklip etdiler, soňra bolsa Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyrynda Liwanyň ýygyndysy bilen iki resmi oýna hem gatnaşmaly boldum – diýip, tälimçi ýatlamalary bilen paýlaşdy.
Kafanow belli tälimçi Gurban Berdiýew barada gürrüň bermek bilen, onuň uzak döwürden gelýän hyzmatdaşlygyň baglaýandygyny gürrüň berdi we onuň entek oýunçy bolan döwründe-de aýratyn oýlanma ukyplarynyň we adaty däl pikirlenişiniň bardygyny belledi.
Kafanowyň sözlerine görä, Berdiýew işde talap edijiligine garamazdan, gatnaşykda we gürrüňdeşlikde açyk hem örän gowy degişgenlik duýgusy bilen tapawutlanýar. Kafanow ony öz agasy hökmünde hasaplaýar we Gurban Berdiýewiň özüniň futbol hünärmeni bolmaklyga hem-de onuň şahsy ösüşine goşan uly goşandyny buýsanç bilen belleýär.
– Orta Aziýada – meniň önüp-ösen ýerimiň – öz düşünjeleri we ýörelgeleri bar. Eger özüňden uly ýoldaşyň sen barada alada edýän bolsa, durmuşda köp dogry maslahat berýän bolsa, onda biziň ýurdumyzda şeýle adamlara «agam» diýip ýüzlenýärler. Ol meniň üçin örän köp zat etdi – futbolda-da, durmuşda-da. Men oňa şonuň üçin juda minnetdardyryn – diýip, Kafanow nygtady.