Eýranyň şol wagtky Prezidenti Ebrahim Raisiniň we daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýanyň, şeýle-de olaryň ýanyndaky resmi adamlaryň dikuçar heläkçiliginde gurban bolan güni ýurtda milli gün – «Şehitleriň hatyrasyna doga-dileg güni» hökmünde bellener.
Bu barada EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkian degişli çözgüt kabul etdi diýip, «Mehr» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.
Ýeri gelende, Ebrahim Raisiniň, Hoseýn Amir Abdollahiýanyň we olaryň ýanyndaky ýolbaşçylaryň 2024-nji ýylyň 19-njy maýynda dikuçar heläkçiliginde gurban bolandyklaryny ýatladýarys.