Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019. “Aşgabat” - daşary ýurtlardaky türgenleşige girişen ilkinji topar

15:1214.12.2018
0
931

Geçen möwsüm Türkmenistanyň futbol çempionatyny ýedinji hatarda tamamlan paýtagtymyzyň “Aşgabat” topary birinji okuw-türgenleşigini 13-20-nji dekabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirer diýip, TFF-niň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, “Aşgabat” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde geçiren 28 duşuşygynyň 7-sini ýeňiş bilen tamamlady. Olaryň 6-syny deňlikde tamamlan paýtagtymyzyň topary 15 duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy. Paýtagtymyzyň topary umumylykda 27 utuk toplamagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň