Türkmen paralimpiadaçylary pauerlifting boýunça Amerika yklymynyň açyk çempionatynda altyn medallaryň ikisini gazandylar

15:1210.12.2018
0
710

Türkmenistanly pauerliftingçiler Sergeý Meladze bilen Maýagözel Ekäýewa Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde pauerlifting boýunça geçirilen Amerika yklymynyň açyk birinjiliginde altyn medallaryň ikisini gazandylar.

Aziýa Paralimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony, halkara derejeli sport ussady Sergeý Meladze ýaryşa 72 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşyp, 180 kilogram netije bilen iň ýokary sepgide ýetmegiň hötdesinden geldi.  Yklym ýaryşynda iki çempionlygy bolan Maýagözel Ekäýewa bolsa 79 kilograma çenli agram derejesinde 112 kilogram agramlygy göterip, Kolumbiýadaky ikinji altyn medalymyzy gazandy. Bu ýeňiş Maýagözeliň şu ýylyň dowamyndaky ilkinji üstünligi däldir. Halkara derejeli sport ussady ýylyň başynda mümkinçiligi çäkli türgenleriň arasynda pauerlifting boýunça geçirilen dünýä kubogynda hem altyn medal gazanypdy.

Amerika yklymynyň açyk çempionatyna bolsa 28 döwletden 155 türgen gatnaşdy. Bu çempionat ýeňiji bolan türgenleriň 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukugyny artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň