Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Utgaşdyryjy komitetiň hökümetara mejlisi geçirilýär

14:5410.12.2018
0
695

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiň bäşinji duşuşygy açyldy.

Umumy mejlisleriň gün tertibine gadymyýetde we orta asyrlarda Gündogar bilen Günbataryň arasynda kerwenli söwdanyň hereket etmegi bilen baglanyşykly ýadygärlikleriň transmilli ugruny taýýarlamak baradaky meseleler girizildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitaby bu ýoluň diňe bir harytlaryň söwdasyny alyp barýan tarapy hökmünde däl-de, eýsem, onuň medeni gymmatlyklary, pikirleri we bilimleri işjeň alyşmagyň amala aşyrylýan ugry hökmünde-de özboluşlylygyny hem-de eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýüpek ýoly yklymyň halklarynyň syýasy we medeni taýdan ýakynlaşmagynyň örän aýdyň hem-de iň irki mysaly hökmünde janlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitabyna hem-de ýylyň şygaryna filmler we tanyşdyrylyşlar bagyşlanyp, olar duşuşyga gatnaşyjylara görkezildi. Duşuşyk Bütindünýä mirasynyň merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň Klaster Býurosy, ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli topary tarapyndan guraldy.

Soňra on dört ýurtdan — Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Nepaldan, Pakistandan, Koreýa Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Özbegistandan we Ýaponiýadan hökümetara Utgaşdyryjy komitetiň milli bölümleriniň wekilleri hem-de bilermenleri Ýüpek ýolunyň desgalarynyň abatlyk ýagdaýyna, degişli ugurlar boýunça alnyp barlan barlag işlerine garamaga hem-de nominasiýanyň strategiýasy hakynda çözgüdi kabul etmäge girişdiler.

Mundan başga-da, häzirki duşuşyga gatnaşmak üçin ÝUNESKO-nyň wekilleri, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň merkeziniň Aziýa — Ýuwaş ummany bölüminiň, Merkezi Aziýa ylmy-barlaglar halkara institutynyň ýolbaşçylary, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri gorap saklamak baradaky Halkara geňeşiň Halkara konserwasiýa merkeziniň bilermenleri, dürli ýurtlardan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan we beýlekilerden belli alymlar, arheologlar, gündogary öwreniji ylmy barlagçylar çagyryldy.

Häzirki wagtda Utgaşdyryjy topar Ýüpek ýolunyň Bütindünýä mirasynyň ähli desgalary boýunça menejmentiň umumy syýasatyny işläp taýýarlaýar. Munuň özi dolandyrmagyň ölçeglerini we maksatlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Onuň amala aşyrylmagyna aýry-aýrylykda gatnaşyjy döwletler milli kanunçylygyna, ýadygärlikleri goramak ulgamyna we beýlekilere laýyklykda jogapkärçilik çeker. Dogrudan-da, uly wezipe — kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen desgalaryň örän köp sanlysyny göz öňünde tutmak hem-de bu taryhy ýoluň aýratyn ähmiýetini beýan etmek üçin zerur bolan desgalary saýlap almak wezipesi durýar.

Ertir maslahat öz işini dowam eder, duşuşyga gatnaşyjylar Ýüpek ýolunyň deňiz ugurlaryna hem gararlar, indiki ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny we olaryň tertibini tassyklarlar. Şular bilen birlikde gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerine

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin Beýik Ýüpek ýolunyň käbir geçelgeleriniň nominasiýalaryny sazlaşdyrmak boýunça okuw maslahatlary geçiriler.

Şeýle hem şu gün Aşgabatda “Sportuň we Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni gatnaşyklaryň interaktiw kartasynyň oýunlarynyň däp bolan görnüşleri” diýen mesele boýunça bilermenleriň iş maslahaty başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň