Top.Mail.Ru

Türkmenistanda hemra antennalarynyň satuwynyň çäklendirilendigi barada habarlar hakykata daýanmaýar

13:1822.11.2018
0
9948

 

Käbir daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde näbelli çeşmelere daýanylyp, Türkmenistanda hemra antennalarynyň satuwynyň çäklendirilendigi baradaky habarlar peýda boldy.

Internet sahypalarynda aýdylyşyna görä, hemra antennalarynyň söwdasy bilen meşgullanýan telekeçilere alty aý mundan ozal dilden duýduryş berlipdir, häzirki wagtda bolsa ýurtda hemra antennalarynyň söwdasy doly ýatyrylyp, eger söwdany dowam etseler, telekeçilere ygtyýarnamasynyň elinden alynjakdygy aýdylypdyr. Şu maglumaty öwrenmek üçin Turkmenportalyň redaksiýasynyň habarçysy türkmen paýtagtyndaky bazarlara we dükanlara aýlanyp çykdy. Ine, ol şulara gabat geldi.

 Hemra antennalary, esasan, Aşgabadyň “Çandybil”, “Sumbar”, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezinde, “Altyn asyr” Gündogar bazarynyň A-2 we A-3 söwda bölümlerinde satylýar. Olarda alyjylar uly görnüşdäki (diametri 1,8 metr) we kiçi görnüşdäki (diamteri 1 metr) hemra antennalaryny hiç hili päsgelçiliksiz satyn alyp bilýärler.

- Gadagançylyk barada hiç zat eşidemzok, söwdamyzy dowam etdirýäris. Tersine, islän adam bizden hemra antennalaryny satyn alyp biler, biz olara işine ezber ussalary hem maslahat berýäris - diýip, “Çandybil” söwda merkezindäki 218-nji dükanyň satyjysy gürrüň berdi.

Ýokarda aýyldanlara biz hem şulary goşmak isleýäris, Türkmenistanda hemra antennalaryndan başga-da IPTV we kabel telewideniýesi giňden ulanylýa. Olarda raýatlar türkmen, rus, türk we beýleki milletleriň ýaýlymlaryna tomaşa edip bilýärler.  Gadagançylyk baradaky habar bolsa tutuşlygyna esassyzdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň