Russiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatynda ilkinji medallaryny gowşurdy

23:4006.11.2018
0
5404

Russiýaly agyr atletikaçy Artýom Okulow şu gün Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda 89 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, altyn medala mynasyp boldy. Şeýelelikde, Russiýanyň ýygyndysy şu çempionatda ilkinji medallaryny gazandy.

24 ýaşly türgen iki görnüşiň jemi boýunça 372 kilogram netije görkezdi. Silterläp götermekde 166 kilogramlyk ştangany galdyryp, sekizinji orny eýelän hem bolsa, ol bu görnüşde birinji we ikinji orunlary eýelän garşydaşlary — Arli Mendesden (Çili) we Pawel Hodasewiçden bary-ýogy 3 kilogram pes netije görkezdi. Itekläp götermekde bolsa russiýaly türgene taý tapylmady.

Erkekler, 89 kilogram

Orunlar:

Altyn medal: Artýom Okulow (Russiýa), 372 kilogram;

Kümüş medal: Pawel Kadaşewiç (Belarus), 371 kilogram;

Bürünç medal: Rewaz Dawitaze (Gruziýa), 371 kilogram.

Rekordlar:

Ýaşlaryň arasynda: Rewaz Dawitaze (Gruziýa), silterläp götermek boýunça dünýä rekordy, 168 kilogram;

iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordy, 371 kilogram.

Keýdomar Wallenilla (Wenesulella), itekläp götermek boýunça dünýä rekordy, 204 kilogram.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň