Türkmenistanda Portugaliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

21:0225.10.2018
0
2807

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Portugaliýanyň doly ygtyýarly wekili türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen hem tanyşdyryldy.

Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwa Portugaliýanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Bu syýasat dünýä bileleşiginde Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, sebitde we dünýäde durnuklylygy berkitmäge ýardam edýär.

Dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Portugaliýanyň girýän Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň we ösdürilmeginiň hem aýratyn möhümdigini bellediler.

***

Şol gün Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi.

Portugaliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwa medeni maksatnamanyň çäklerinde “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi, şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň gözellikleri bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň