Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: çempionlyk terezisi deňleşmäge ýakyn

21:2507.10.2018
0
4485

 Möwsümde ilkinji gezek dört duşuşykly tapgyryň dört günläp dowam etmegi, “Energetigiň” “Nebitçini” Balkanabatda ýeňip, ýaryşyň üçünji ornuna çykmagy we bu orun ugrundaky esasy bäsdeşi “Şagadamyň” gazanjak netijesine garaşmagy, Mary welaýatyna wekilçilik edýän başga bir toparyň - “Merwiň” bolsa “Şagadama” üçünjilige dolanyp barmak üçin ýol bermezligi, iki toparyň arasyndaky “sessiz” deňligiň, bäsdeşleriň ikisini hem bir basgançak aşak düşürmegi, “Ahalyň” AFK-nyň kubogynyň finalçysy “Altyn asyrdan” üstün çykyp, çempionlyk ýaryşyndaky terezini tas-kem deňlemegi... Garaz, milli futbol çempionatymyzyň 23-nji tapgyry barada aýdara-diýere zat kän. Geliň, onda aýdyp başlalyň.

Ýokary liganyň 23-nji tapgyryna, näme üçindir, penşenbe güni badalga berildi we şenbe günündäki arakesmeden soň, tapgyr ýekşenbe güni tamamlandy. Tapgyryň ilkinji gününde “Nebitçi” “Energetigi” kabul etdi. Birinji ýarymynda iki, ikinji ýarymynda üç pökgi geçirilen bu dartgynly duşuşyk myhmanlaryň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. “Energetikden” Sahypnazar Durdyýewiň (4-nji minut), Alibek Abdyrahmanowyň (6-njy minut) we Rahmet Şermetowyň (53-nji we 74-nji minutlar) geçiren pökgülerine “Nebitçi” diňe Arslan Paizowyň 85-nji minutdaky dürs urgusy bilen jogap berip bildi. Duşuşykda käbir futbolçylaryň netijesine-de ünsi çekmek gerek. Günüň “gahrymanyna” öwrülen Sahypnazar Durdyýew duşuşykda bir pökgi geçirmäge-de we arakesmä çykylmanka, iki sany sary kart alyp, meýdandan çykarylmaga-da ýetişdi. Rahmet Şermetow bolsa duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, “Energetigiň” düzüminde çykyş eden ýyllaryndaky 14-nji pökgüsini geçirdi. Indi ol topardaşy Alibek Abdyrahmanowdan soňra, “energetikleriň” hatarynda Ýokary ligada iň kän tapawutlanan ikinji futbolçy. Bu ýeňişden soň, “Energetik” 36 utuk bilen ýaryş tertibiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Anna güni kenarýaka şäherde geçirilen duşuşykda üçünji ornuň başga bir dalaşgäri, has takygy, soňky tapgyrlara çenli bu ornuň ýeke-täk eýesi bolup gelen “Şagadama” hormat münberiniň üçünji basgançagyna dolanyp gelmäge mümkinçilik bolman hem durmady. Ýöne ýokarda-da ýaňzydyşymyz ýaly, muňa Mary welaýatyna wekilçilik edýän başga bir topar - “Merw” ýol bermedi. “Şagadam” - “Merw” duşuşygy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Deňligiň ýakymly tarapy, iki toparyň hem utuksyz galmanlygydyr. Ýakymsyz tarapy bolsa, bu deňlikden soň iki topar hem ýaryş tertibinde bir basgançak aşak gaçdy. “Şagadamyň” üçünjiligini “Energetik”, “Merwiň” bäşinjiligini bolsa hut şol gün “Köpetdagy” ýeňen “Aşgabat” eýeledi. Her niçigem bolsa alty oýunça duýduryş berlen duşuşykda göreşiň ýiti bolandygyny aýtmak gerek. Goragçylara we derwezewanlara berekella diýmeli!

Hawa, şol gün “Aşgabat” “Köpetdagy” ýeňdi. Hasap: 2:1. “Köpetdag” 39-njy minutda Gahrymanberdi Çoňkaýewiň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligi oýnuň ahyryna çenli elden gidirdi. 60-njy minutda Azat Şamyradow, 84-nji minutda Şiri Annaýew “Aşgabada” ýeňiş getirdi.

Tapgyryň esasy duşuşygy ýekşenbe güni geçirildi. Şol gün çempionlygyň esasy iki dalaşgäri şu möwsümde iň soňky gezek (diňe Ýokary ligada, çünki toparlar dowam edýän kubok ýaryşynda duşuşyp bilerler) biri-birini synaga saldy. Tapgyrda AFK-nyň kubogynda türkmen futbolynyň güýjüni görkezip ýören “Altyn asyr” halkara ýaryşdan toparçalaýyn tapgyrda aýrylan, ýöne haýran galdyryjy netijeler bilen ýaryşda yza goýan “Ahalyň” myhmany boldy. Milli çempionat AFK-nyň kubogy däl. “Ahal” hem “Bengaluru” ýa “April 25” däl. Şonuň üçin “Altyn asyryň” hökmany ýeňşine garaşmak hem dogry däl. Netije, hut şeýle-de boldy. Yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda finala çenli baryp ýeten topar “Ahal” bilen duşuşykda badyny biraz gowşatmaly boldy. Juda gyzykly geçen duşuşyk “Ahalyň” ýeňşi bilen tamamlandy. 10-njy minutda “Ahalyň” hüjümçisi Didar Durdyýewiň geçiren pökgüsi tutuş duşuşygyň ykbalyny kesgitledi. Duşuşykdan aýdylmaly ýene bir pursat bolsa, 88-nji minutda “Altyn asyryň” hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmänligidir.

Şeýlelikde, şu möwsümde ilkinji bolup 50 utuklyk sepgide ýeten “Ahal” ýaryşdaky esasy bäsdeşinden 5 utuk öňe saýlandy we birinji orundaky ýerini gorady. Başda-da aýdyşymyz ýaly, çempionlyk terezisi bolsa tas-kem deňlendi. Şu duşuşykdan ozal “Ahaldan” iki oýnuny az geçiren “Altyn asyr” esasy garşydaşyndan bary-ýogy 2 utuk yza galýardy. Indi welin aralyk 5 utuga çykdy. Ýöne häli-hezirem hem tereziniň “Altyn asyrly” tarapy agdyklyk edýär. Göreliň, “Ahal” taryhyndaky ilkinji çempionlygyna gowşarmyka ýa “Altyn asyr” bassyr bäşinji gezek çempion bolup, Ýokary liganyň rekordyny täzelärmikä? Ikisi bolsa-da gyzykly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň