Soňky habarlar

Arhiw

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty — 2018: Türkmenistanyň ýygyndysy Antalýa ugrady

13:3124.09.2018
0
2655

Şu gün — 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň agyr atiletika boýunça milli ýygyndysy baş tälimçi Meretguly Sähetmyradowyň we halkara derejeli hünärmen Jafer Topçynyň ýolbaşçylygynda nobatdaky okuw-türgenleşigini geçmek üçin Türkiýäniň Antalýa şäherine ugrady.

Milli ýygyndymyzyň 21 kişilik türgenler düzüminde häzirki zaman agyr atletikanyň türkmenistanly ýyldyzlary Omarguly Handurdyýew (61 kilogram), Maksat Meredow (73 kilogram), Söhbet Tirkişow (73 kilogram), Rejepbaý Rejebow (81 kilogram), Daýanç Aşyrow (81 kilogram), Pirguly Pirgulyýew (89 kilogram), Öwez Öwezow (102 kilogram), Ýulduz Jumabaýewa (49 kilogram), Kristina Şermetowa (55 kilogram) görnýkli agyr atletikaçylar bar. Şu ady aglanalaryä we başga-da birnäçe ezber agyr atletikaçylaryň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik etmegine garaşylýar.

Milli ýygyndymyz Türkiýä ugramazynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň döwrebap sport toplumlarynda türgenleşdi. Ýakynda bolsa olar Gazagystanyň Kostanaý şäherinde türgenleşikde bolup geldiler. Baş tälimçi M.Sähetmyradowyň aýdyşy ýaly, milli ýygyndymyzyň agzalary türgenleşikden türgenleşige tejribe toplaýarlar. Olaryň öňündäki esasy maksat bolsa öz ýurdumyzda geçiriljek çempionatda has köp medal gazanmakdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň