Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň "Rönesans" holdingi Türkmenistanda iri taslamany amala aşyrar

02:0509.08.2018
0
24364

Türkmenistanda ýokary derejeli myhmanhana hyzmatlaryny ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyryp, ýurdumyza gelýän myhmanlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak hem-de olara dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemäge şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhananyň taslamasyny düzmek we ony häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we myhmanhanany 2021-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň