Soňky habarlar

Arhiw

Kiýewde “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

15:5403.08.2018
0
4570

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Prezidentiniň işleri dolandyryş Döwlet müdirliginiň ýanyndaky daşary ýurtly wekilhanalara hyzmat etmek boýunça Baş direksiýasynyň goldamagynda sentýabr aýynda geçiriljek “Amul- Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahatyny gurnady.
Ukrainanyň Prezidentiniň işleri dolandyryş Döwlet müdirliginiň media-merkezinde geçirilen çärä Kiýewde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, Ukrainanyň Ýaşlar we sport ministrliginiň, Ukrainanyň Awtomobil Federasiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, bu ýerde ýaşaýan türkmenleriň we şu ýerde okaýan türkmen talyplarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine «5 канал», daşary ýurtlulara niýetlenen «UATV» teleýaýlymlary, «Укринформ» habarlar agentligi, «Корреспондент», «Обозреватель», «УНИАН», «Новости Украины», «Sport.ua», «Лента», «Дипломатические хроники», «Інтерсоціум», «Час руху», «Вечірні вісті», «Image.ua», «Outlook» ýaly beýleki meşhur teleýaýlymlar, gazetlerdir internet-neşirler wekilçilik etdiler.
Tanyşdyrylyşda awtoreýde toplumlaýyn taýýarlyk işleri we aglaba bölegi Garagum çölünden geçýän ugrunyň aýratynlyklary, özboluşly taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen halkynyň däp-dessurlary, ýurduň häzirki döwürde gazananlary barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.
Ukrainanyň Prezidentiniň işleri dolandyryş Döwlet müdirliginiň baş direktory P. Kriwonos maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen guralýan we sportuň jebisleşdiriji ähmiýetini aňladýan özboluşly sport çäresi bilen tanyşdyrmak üçin şu ýeriň saýlanyp alnandygy we netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýurdumyzyň Ilçihanasyna minnetdarlyk bildirdi.
Çäräniň hormatly myhmany – Ukrainanyň Ýaşlar we sport ministrliginiň Ýewropa goşulyşmasy meseleleri boýunça orunbasary N.Mowçan şeýle abraýly ýaryşa ukrainaly sürüjileriň gatnaşmagyna oňyn baha berip, onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň girewidigini belledi.
Ukrainanyň Awtomobil Federasiýasynyň birinji wise-prezidenti A.Feldman guramanyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen tarapyna halkara awtorallisine çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we ukrainaly türgenleriň ýaryşa taýýarlygy barada gürrüň berdi.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi N.Amanmyradow bu ýere ýygnananlary geljekki “Amul-Hazar 2018” awtorallisine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri we ýaryşyň magluamtlar üpjünçiliginiň ugurlary, şol sanda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine döredilýän şertler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine hut özüniň howandarlyk edýänliginiň, onuň diňe bir sport babatda däl, eýsem Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda we häzirkizaman goşulyşma prosessinde Türkmenistanyň ähmiýetini wagyz etmäge gönükdirilendiginiň halkara awtorallisine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Ýaryşa gatnaşyjy daşary ýurtly sürüjilere gadymy kerwen ýollaryndan geçmäge, özboluşly arheologiýa ýadygärlikleri, ýurduň tebigy gözellikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik bolar.
Halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde Türkmenistanyň ýeten sepgitleri, Beýik Ýüpek ýoluny häzirki görnüşinde dikeltmekde döwlet baştutanynyň başlangyçlary, şeýle hem sport we ekologiýa ulgamyndaky syýasat, ýurduň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçilikleri metbugat maslahatynyň temalary boldy.
Ukrainaly žurnalistler geljekki ralli, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary, ýurduň häzirki ýeten sepgitleri bilen gyzyklanyp, şeýle uly wakany beýan etmek üçin Türkmenistana baryp görmäge isleg bildirdiler.
Fotosuratlar, şeýle hem esasy orun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine berlen kitap sergisi duşuşygyň tematikasynyň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň